Alkyşlarymyz ýüregimizde

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde guramaklarynda Alkyşlarymyz ýüregimizde” atly kompozisiýa geçirildi.

   Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň goýnunda häzirki zamanyň “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Ajaýyp şäheriň ikinji tapgyry hem uly depgin bilen alnyp barylýar. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bagtyýar kitaphanaçylar hem ady äleme dolan Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli ajaýyp waspyny buýsanç bilen ýerine ýetirdiler.

   Kompozisiýanyň ahyrynda  biz kitaphanaçylara işlemäge, ajaýyp şäherde
medeniýetli dynç alyp ýaşamaga döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655