Arkadag şäheriniň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmeginiň iki ýyllyk toýy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň her bir güni tutumly toý-baýramlara, dabaralara, beýik ösüşlere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylyp ulanylmaga berilmeginiň iki ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralary hem şatlyk-şowhuna beslenýär. Häzirki zaman binagärliginiň ajaýyp nusgasy bolan Arkadag şäherinde köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň we desgalaryň gurluşyklary Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk, binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini netijesinde amala aşyryldy. Arkadag şäheri eziz Diýarymyzyň ykdysady taýdan ägirt uly kuwwatyny alamatlandyryp, müňlerçe maşgalanyň arzuwlaryny durmuşa ornaşdyrýar. Ýaşlarymyzyň ýüzlerçesi Arkadag şäherinde täze iş orunlary we ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. 
Arkadag şäherinde ilatyň durmuş üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýän, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglyk we medeni maksatly desgalaryň, dolandyryş binalarynyň, ýollaryň gurulmagy hem-de häzirki wagtda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň batly depginde alnyp barylmagy ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatlaryňyzyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bizi ajaýyp durmuşy peşgeş beren Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris..


Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655