“Arkadag şäheriniň ajaýyp waspnamasy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde guramagynda “Arkadag şäheriniň ajaýyp waspnamasy” atly şahyrlar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde ady äleme dolan gözel Arkadag şäheri ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher bolmak bilen birlikde, ol ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň hem aýdyň dabaralanmasydyr. Arkadag şäherde sanly ulgamyň soňky gazananlarynyň, döwrebap innowasion çözgütleriň, “akylly” tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Munuň özi halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýar durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýan işleriň barha giň gerime eýe bolýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda umumadamzat parahatçylygyny üpjün etmekde oňyn halkara başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini bütin dünýäde dabaralandyryp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda diňe rowaçlyklara beslensin!