«Arkadag ýyldyzy»
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «akylly» Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmeginiň 2 ýyllygyna, şeýle-de 2024-nji ýylda «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan açylan «Arkadag» ýyldyzyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Uniwersitetiň eýwanynda dabara bilen ugurdaş kitaplaryň, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň, talyplaryň taslama bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň, taslamalarynyň, dürli işläp düzmeleriniň, oýlap tapmalarynyň sergisi guraldy. Şeýle-de uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar we dutarçylar toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar maslahata özboluşly öwüşgin berdi.
Dabaranyň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak bilen, parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.
Çykyşlarda 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan bir ýyldyza «Arkadag» adynyň goýulmagynyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy. «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskobyň, onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny bu günki gazanylan üstünlikler doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan Abu Reýhan Biruni adyndaky astronomiýa olimpiýadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplara üstünlikli çykyş edip Diplomlara ýadygärlik sowgatlara mynasyp bolmagy ýurdumyzda astronomiýa ylmyna uly üns berilýändigini subut etdiler.