“Bagtyýar nesiller-Watanyň geljegi”


    Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Bagtyýar nesiller-Watanyň geljegi” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

    Güneşe baý tomus paslynyň gelmegi bilen bagtyýar çagalaryň şatlykly owazlary ýurdumyzyň tutuş giňişligine gaýtalanmajak gözellik çaýýar. Okuw möwsümini tamamlan çagalar gözel Gökdere jülgesindäki, “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we wagtlaryny gyzykly geçirmeklerini guramak maksady bilen kitaphanamyzyň çuň manyly eserleri bilen göçme kitap sergisini gurnadylar, şeýle hem bu ýerdäki çagalar bilen sorag-jogap işini alyp bardylar. 

    Çäräniň dowamynda kitaphanaçylar türkmen halk ertekileri bolan Hudaýberdi gorkak, Ýartygulak ýaly eserlerden okap berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan höwesini hasda artdyrdy. 

   Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň medeniýetli dynç almagy ugrunda uly aladalary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655