“Arkadag şäheri-ýaşlygyň we gözelligiň şäheri”
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Arkadag şäheri-ýaşlygyň we gözelligiň şäheri” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim we medeniýet ulgamynda alyp barýan uly işleri barada şeýle hem akylly Arkadag şäherimizdäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň hünärmenleriniň öz zähmet çekýän ojagyndaky alyp barýan işleri dogrusynda söhbetdeşlik geçirildi.
Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak ajaýyp akylly Arkadag şäherinde döredip berilýän giň mümkünçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.