“Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri-ýaşlara görelde”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri-ýaşlara görelde” atly duşuşyk geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki pikir-garaýyşlar, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuş ýörelgesine we pelsepesine öwrüldi. Milli Liderimiziň ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary häzirki we geljekki nesilleriň ruhy gymmatlygydyr.
Şundan ugur alyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetini ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen birnäçe ýaşlaryň arasynda duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Biz kitaphanaçylar hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserlerini giň okyjylara ýetirmek esasy maksadymyzdyr.
Çäräniň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan eserleri giň okyjylara ýetirmäge uly mümkünçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.