“Çagalar ajaýyp Diýarymyzyň gül açýan nowçalary”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Çagalar ajaýyp Diýarymyzyň gül açýan nowçalary” atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.
“Bagtly çagalygyň ýurdy” hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzda körpejelere döwrebap terbiýe berilmegine, olaryň medeniýetli dynç almagyna, wagtlaryny şadyýan geçirmegine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde şeýle hem kämil nesiller edip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar okalgasynda körpeje çagalarymyz wagtlaryny şadyýan geçirmäge ähli mümkünçilikler, şertler döredilip berlen.
Çagalar bu ýerde dürli neşir önümlerini okamaga, öwrenmäge, özleriniň dürli temalara degişli ukyplaryny açyp görkezmäge ähli şertler döredilen.
Çäräniň dowamynda çagalar ajaýyp Diýarymyzy wasp edýän aýdymlary we tanslary ýerine ýetirdiler.
Döwrümiziň ýaş nesillerini okamaga, öwrenmegä uly atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.