“Bagtyýar çagalar-beýik geljegimiz”



    Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki "Altyn Ýyldyz'' çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezide Bagtyýar çagalar-beýik geljegimiz” atly söhbetdeşlik geçirildi. 

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmeklerini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen dürli ýaşdaky ruhubelent çagalara halk döredijiligiň iň bir gadymy görnüşleriniň biri bolan türkmen halk ertekilerini okap berdiler. Olar ertekileriň gahrymançylykly keşpleri, terbiýeçilik ähmiýeti, çagalara ýetirýän täsiri we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. 

   Çäräniň dowamynda erteki gahrymanlaryny çaga bilesigelijigi bilen diňlän okuwçylar gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri barada sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa, bagtyýar çagalaryň wagtyny gyzykly hem-de hoş geçirmegine uly mümkünçilik berdi. 

    Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655