“Bagtyýar nesiller Watanyň geljegi”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda “Bagtyýar nesiller Watanyň geljegi” atly gezelençli gürrüňdeşlik geçirildi.
Bagtyýar çagalyk-bu biziň ertirki güne bolan ynamymyz, geljege bolan batyrgaý garaýşymyz we buýsanjymyz. Halkyň ynamy döwletiň goldawy bilen has-da berkeýär, her bir adamy täze üstünliklere iterýän güýç hökmünde çykyş edýär. Baky Bitarap Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş raýatlaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagyna, bagtyýar geljeginiň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine ähli mümkünçilikler döredilen. Bu nukdaýnazardan ugur alyp Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, beýik şahsyýet bolup ýetişmegi ugrunda kitaphanaçylar irginsiz zähmet çekýärler. Ine bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bakja bagynyň bagtyýar körpejeleri gezelenje geldiler. Gezelençde çagalara kitabyň ähmiýeti dogrusynda hem-de kitaphananyň içiniň aýratynlyklary bilen giňişleýin gürrüň berdiler.
Gezelenjiň ahyrynda ýurdumyzyň körpe raýatlary üçin ähli mümkünçilikleri döredip beren hem-de olaryň sagdyn, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly, döwrebap bilimli nesiller bolup ýetişmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.