“Bitaraplyk halkara gatnaşyklary”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilen bilelikde guramagynda “Bitaraplyk halkara gatnaşyklary” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky abraýy günsaýyn artýar. Bitaraplyk ýörelgelerine pugta uýup, dünýäde parahatçylygy ündemegi dünýä ýüzünde ýurdumyza bolan ynamy has-da artdyrýar. Merjen şäherimiz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş etmegi hem ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň has kabul ederlikli nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünlikleriniň inkär edip bolmajak we möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halklaryň ýakynlaşmagynda, döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.