“Çaga eziz edebi ondanam eziz”



    Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda çagalar bölüminde “Çaga eziz edebi ondanam eziz” ady bilen çagalar bakja baglarynda terbiýelenýän çagalarda kitaba bolan söýgini artdyrmak maksady bilen dabaraly ertirlik geçirildi. 

     Kitaphanamyzda ýetip gelen çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini netijeli geçirmek, olarda kitaba bolan söýgini artdyrmak işine hem taýýarlykly barylýar. Kitaphanaçylar dynç alyş möwsüminde çagalar we dynç alyş merkezlerinde göçme kitap sergilerini we gyzykly dabaralary guraýarlar. 

    Kitaphana işgärleri körpeleri çagalar üçin niýetlenen kitaplar, olaryň mazmuny bilen tanyşdyrdylar, gyzykly ertekileri okap berdiler. Şeýle-de çagalar bagynda guralan kitap sergisinde ýerleşdirilen neşirler körpeleriň aýratyn gyzyklanmasyna mynasyp boldy. Bagtyýar çagalaryň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary we tanslary, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşplerini janlandyryp ýerine ýetiren sahna oýunlaryny myhmanlaryň baýramçylyk ruhuny artdyrdy. 

      Döwrümiziň ýaş nesillerini okamaga, öwrenmegä uly ata­lyk ala­da­la­ry­ny ed­ýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655