“Milli mirasym edebi mirasym”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Milli mirasym edebi mirasym” atly sergi, gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýokary derejede sarpalanýar. Mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň döredýän el işlerine uly hormat goýulýar. Halkymyzyň bu gymmatly mirasy arkama-arka, nesilden-nesle geçip, şu günki günlerimize gelip ýetip, barha kämilleşýär. Ene-mamalarymyz el işlerini eýýäm çagalykdan başlap her bir gyz maşgalasyna öwredipdirler, dürli maslahatlary, nesihatlary beripdirler. Şular dogrusynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary hem zenanlarymyzyň on barmagyndan çykýan ajaýyp el işleriniň dürli görnüşlerini gyzjagazlara görkezip hem-de olaryň her biriniň gelip çykyşy, döreýşi barada halk aýtgylary, rowaýatlary gürrüň berdiler. Şeýle hem häzirki wagtda türkmen keşdeçilik sungatymyz halkara derejesinde ykrar edilen gymmatlyk hökmünde bu gün barha hem gülläp ösýär, täze döwrüň milli äheňi bolup köňüllere buýsanç hem söýgi paýlaýar.
Çäräniň ahyrynda türkmeniň milli gymmatlyklaryny öwrenmäge, ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmäge hem-de dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.