“Kitaphana- hazynalar ojagy”

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Arkadag şäherinde ýaşaýan raýatlarynyň gelmeginde “Kitaphana- hazynalar ojagy” atly  sergi, gezelenç geçirildi.

   Gezelençde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda paýhas öýi bolan kitaphanalaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu nukdaýnazardan ugur alyp ylymlaryň - bilimleriň ojagy bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna  birnäçe kitaba hormat goýup sarpalaýan raýatlarymyz bu ajaýyp kitaphananyň içiniň köp dürli neşir önümleri bilen şeýle-de okyjylar üçin döredilen mümkinçilekler bilen ýakyndan tanyşyp geçýärler. Ine bu günki gün hem Arkadag şäherimiziň raýatlary mährem enelerimiz özleriniň agtyklary bilen ajaýyp kitaphanamyza gezelençe geldiler. Gezelençde ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin kitabyň gerekli çeşme bolup durýanlygy barada giňişleýin gürrüň berildi.

   Gezelençiň ahyrynda ýurdumyzda ruhy baýlygymyz bolan gymmatly eserleri
dürli ýaşly okyjylarymyza ýetirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly alkyşlar aýtdylar. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655