“Bitaraplyk-bagtyň dünýä açylan penjiresi”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň demokratik partiýasynyň gurnamagynda “Bitaraplyk-bagtyň dünýä açylan penjiresi” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym bilim we medeniýet ulgamynda alyp barýan uly işleri barada şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplygymyza bagyşlap, “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaby hakynda we hünärmenleriň öz zähmet çekýän ojagyndaky alyp barýan işleri dogrusynda söhbetdeşlik geçirildi.
Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak ajaýyp akylly Arkadag şäherinde döredip berilýän giň mümkünçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.