“Kitap çaganyň göwün guşy”



    Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Beýik Serdaryň ruhybelent nesilleri” sagaldyş dynç alyş merkezinde “Kitap çaganyň göwün guşy” atly duşuşyk, gürrüňdeşligi geçirildi. 

    Bagtyýar ça­ga­la­ry­myz ber­ka­rar döw­le­ti­miziň, Ga­raş­syz baky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň be­ýik gel­je­gi, bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň gül­le­ri­dir. Çünki bu ajaýyp Diýarymyzda ça­galar hakyn­da uly aladalar edil­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de wagt­la­ry­ny göw­ne­jaý we oňat ge­çir­mek­le­ri şeýle hem kitaba bolan söýgüni döretmek üçin äh­li müm­kün­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Tomusky dynç alyş günlerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem “Beýik Serdaryň ruhybelent nesilleri” sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda göçme kitap sergileri bilen duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri, çeper okaýyşlary, ertirlikleri geçirýärler. Bu ýerde kitaphanaçylar türkmen halk ertekileriniň birnäçesini okap berdiler. Bu kitaplar bolsa çagalara mahsus oňat häsiýetleri oýarmaga uly gollanma bolup durýar. 

    Çäräniň ahyrynda Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar ça­ga­la­ryny­ň asu­da, pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin ata­lyk ala­da­la­ry­ny ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, öm­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!





Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655