“Sagdyn nesil, ýurt baýlygy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy we Arkadag şäherindäki 9-njy çagalar bakja bagynda “Sagdyn nesil, ýurt baýlygy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Çaga her bir maşgala üçin, döwlet üçin, iň uly gymmatlyk hasaplanýar. Söhbetdeşlikde, sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmek, çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek biziň iň esasy maksadymyz bolup durýar. Çagalaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň her birimiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, doly derejeli dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.