“Çagalar biziň geljegimiz”


  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda körpeje ýaş nesillerimiziň gatnaşmagynda “Çagalar biziň geljegimiz” atly gezelenç geçirildi. 

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän, ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary üçin, uly aladalar edilýär. Körpe nesilleri halka, Watana, Gahryman Serdarymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň akyl we beden taýdan ösüşini kämilleşdirmek we irki ösüşiniň ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak üçin, dürli iş usullaryny ulanýarys. Çaga öz döredijiligine guwanýar, olarda synçylyk ösýär, gözellige guwanmak terbiýelenýär, döredijilik başarnyklary kemala gelýär. Olar biziň kitaphanamyza gelip özlerine degişli bolan kitaplary uly üns bilen seredip, şeýle-de çagalar köpçülige öwrenişýär, bilmäge, öwrenmäge uýgunlaşýar, köptaraplaýyn ösýär. 

 Berkarar döwletiň bagtyýar körpejeleri bu gezelençde özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdylar. Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler. 





Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655