“Kitabyň ähmiýeti”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Kitabyň ähmiýeti” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar okalgasyna kiçi ýaşly okyjylarymyzyň gatnaşmagynda halkymyzda ylymyň-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba aýratyn sarpa goýulýanlygy, kitap tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydygy hem-de durmuşda kitabyň ene-ata ýaly uly terbiýe mekdebi bolup durýanlygy barada giňişleýin çagalara gürrüň berildi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda çagalara halk döredijiligimiz bolan türkmen halk ertekileriniň birnäçesini okap berildi. Olaryň özlerinde galdyran täsiri dogrusynda sorag-jogap alşyldy.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.