“Ýüz okasaň-ýat, müň okasaň-binýat”



   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda 9-njy çagalar bakja bagynda Ýüz okasaň-ýat, müň okasaň-binýat” atly göçme kitap sergi, gürrüňdeşlik geçirildi. 

    Kitap bilim almagyň esasy çeşmeleriniň biridir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nygtaýşy ýaly: «Kitap okan gullar magnydan dokdur». Ata-babalarymyz hem kitaba, kitap okana uly sarpa goýupdyrlar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem körpe ýaşly okyjylarymyzyň kitap okamaklyga bolan höweslerini artdyrmak, kitaphanaçylaryň asylly borçlarynyň birine öwrüldi. Bu işleri amala aşyrmak maksady bilen, mekdebe çenli çagalaryň arasynda birnäçe çäreleri guramak özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary özüniň dürli neşir önümleri bilen mekdebe çenli çagalaryň arasynda göçme kitap sergileri bilen tanyşdyryp geçdiler. Olar çagalara degişli bolan birnäçe eserleri okap berip, kitabyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin çagalar bilen gürrüňdeşlik geçirdiler. 

    Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655