BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty
Türkmenistanda BMG-sy bilen bilelikde guramagynda geçiriljek, BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk işleri alynyp barylýar.
Awaza milli syýahatçylyk zolagynda, 2025-nji ýylyň awgust aýynyň başynda geçiriljek BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge taýýarlyk işleri alynyp barylýar. Halkara ähmiýetli çäräni Türkmenistanda geçirmek baradaky Karar şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-synyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde, 57-i döwletiň bilelikde ýazylmagy bilen kabul edildi, bu Türkmenistan diýarymyzyň ýokary derejesini we dünýä hyzmatdaşlygyndaky ornuny görkezýär. Türkmenistan Bitarap ýurt hökmünde BMG-sy bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar. 2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahaty guramak baradaky Karara we BMG-sy bilen ony geçirmegiň tertibi barada Şertnama gol çekdi. Maslahat bäş gün dowam edip, 7-sany esasy ugur boýunça syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer çäreleri öz içine alar. 30-dan gowrak döwlet we hökümet baştutanlary, BMG-nyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahata Gatnaşýanlar, Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar. Iri halkara ähmiýetli çäre ýurtlaryň gülläp ösmegi esasan ýol-ulag infrastrukturasynyň ösmegine, sebitleýin integrasiýa we makro ykdysady syýasatlara bagly, çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyny giňişleýin wagyz edip ýaş nesillere, halk köpçiligine ýetirmekde tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler geçirilip, göçme kitap sergileri taýýarlanyp gazet-žurnallardaky täzelikler bilen dowamly tanyşdyryp durýar.
Ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda, şunuň ýaly maslahatlaryň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Ata-watanymyzyň röwşen geljegi ugrynda alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!