KÖPRI GURMAK, ÝOL ÇEKMEK — PEDERLERIŇ WESÝETI

   Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde sähetli gün täze şaýoluň we döwrebap köpriniň açylmagyna ak pata bermegi şatlykly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrmak üçin paýtagtymyzdan Türkmenbaşy
şäherine ugur alan uçarynyň Arkadag şäheriniň üstünden geçýän pursatlarynyň bu
ýerde guralýan dabara gabat gelmegi oňa gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgularyny
döretdi.
   Ir säher bilen baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap köpriniň ýanyna köp sanly talyp ýaşlar, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, aksakgal ýaşulylar we kümüş saçly eneler, körpeje çagalar ýygnandylar, açylyş dabarasyna Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem işjeň gatnaşdylar.

   Durky düýpli täzelenen Gökdepe we Keýmir kör şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpriniň açylyş dabarasy belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen başlandy. Köpriniň her tarapynda ýanýodalar gurlupdyr, ýaşyl zolaklar
döredilipdir. Gökdepe şaýoly bilen Keýmir kör şaýolunyň kesişýän ýerinde, köpriniň
üstünde we aşagynda ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün edýän ýollar we
zolaklar häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlupdyr.
   Asudalygyň aýdyň nyşany bolan ak kepderileriň we howa şarlarynyň asmana uçurylmagy bilen, döwrebap köpriniň toý bagy kesildi.
Şeýlelikde, ýurdumyzda ýol-ulag düzümine degişli täze desga açyldy.
   Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan täze şäherde ýene bir bagtyýar maşgalanyň dörändigini alamatlandyrýan gelnalyjy kerweni nurana ýollara rowana boldy. Soňra dabara gatnaşyjylaryň hemmesi agzybirlikde nurana şaýollar bilen Arkadag şäherine tarap ugradylar. Ýolugra medeni-köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyryldy.
   Täze ýol-ulag desgasynyň yşyklandyryş ulgamynyň häzirki zaman görkezijilere laýyk derejede guralmagy, olarda täzeçil tehnologiýalaryň we döwrebap usullaryň ulanylmagy bu künjegiň gijeki görnüşleriniň has-da gözel bolmagyny şertlendirýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655