“Gül Watanymyzyň şadyýan çagalary”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezide Gül Watanymyzyň şadyýan çagalary” atly kitap sergisi, gürrüňdeşlik geçirildi.

    To­mus möw­süm­inde ýur­du­my­zda Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş ne­sil­le­ri­miz ba­ra­da­ky ed­ýän bi­möç­ber ala­da­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de bi­na edi­len ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri ça­ga­la­ryň dynç al­ýan esa­sy mes­ge­ni­ne öw­rül­di. Bu dynç alyş zo­lak­la­ry ça­ga­la­ryň gül­kü­si bi­len ha­ky­ky bagt­ly ça­ga­ly­gyň me­ka­ny­na öw­rül­ýär. Äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan bu mer­kez­ler­de dynç al­ýan ça­ga­lar üçin dür­li mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­le­riň gu­ral­ma­gy ola­ryň göz­ýetimi­ni gi­ňelt­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem bu dynç alyş merkez­le­rin­de ça­ga­la­ryň öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny has-da ös­dür­me­gi üçin birnäçe gur­nak­lar ge­çi­ril­ýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we wagtlaryny gyzykly geçirmeklerini guramak maksady bilen kitaphanamyzyň çuň manyly eserleri bilen göçme kitap sergisini gurnadylar, şeýle hem bu ýerdäki çagalar bilen sorag – jogap işini alyp bardylar. Çäräniň dowamynda kitaphanaçylar “Türkmen halk ertekileri” atly kitabyndan birnäçe ertekileri okap berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan höwesini hasda artdyrdy.

    Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň medeniýetli dynç almagy ugrunda uly aladalary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655