Möhüm formyň maksatly menzilleri
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda «Möhüm formyň maksatly menzilleri» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän Awaza milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatyna giň gerimli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Birnäçe gün dowam edýän forumyň çäklerinde syýasy diplomatik söwda ykdysady hemde medeni ynsanperwer ugurlary öz içine alýan baý mazmunly çäreler meýilleşdirildi. Formuň meýilnamasy işewürlik hem-de medeni çäreleri, mowzuklaýyn sergileri we Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet günlerini öz içine alýandygyny söhbetdeşlikde belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimize we sungatymyza sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.