«Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda BMG-nyň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan Döwletler boýunça 3-nji maslahaty»
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda «Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda BMG-nyň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan Döwletler boýunça 3-nji
maslahaty» atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, saýasynda türkmen halkynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Ine bu günki gün 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 4-8 aralygy Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenary Awazada geçirilýän, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan Döwletler boýunça 3-nji maslahaty geçirilýär. Şeýle-de forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy, halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi bolsa ýurdumyzda ýaşlara uly orun berilýänliginden aýdyň nyşandyr. «Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi üpjün etmek» atly şygar bilen geçiriljek bu çäre, dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk 32 döwletiň öňünde durýan çagyryşlary ýeňip geçmek üçin strategiýalary işläp düzmek üçin esasy meýdança öwrülenligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.