«BAGTDAN PAÝLY NESILLER»

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe wagtlaryny medeniýetli we hoş geçirmekleri üçin, meýilnama esasynda bir näçe gurnaklar, olara mysal edip aýdymdyr sazlar, surat çekmek, el işlerini şeýle–de sportuň dürli görnüşleri boýunça işler yzygiderlikde alynyp baryldy. Biz kitaphanaçylar çagalaryň wagtyny hoş we gyzykly geçirmek maksady bilen bu ýerde kitap sergisini gurnadyk. Sergide çagalar üçin niýetlenen ertekili we goşguly kitaplary Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes kitaplarynyň ähmiýeti dogrusynda çagalara içgin gürriň berdik. Şeýle hem çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler. Çagalaryň soraglaryny uly gyzyklanma bilen kabul etdik we soraglaryna jogap berdik.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkyny ýagty ertirlere sary alyp barýan işlemäge, okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge, körpeje nesillerimiziň medeniýetli dynç alyp wagtlaryny hoş geçirmäge ähli şertleri mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655