“Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri - watansöýüjiligiň beýik mekdebi”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Türkmenistan Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri - watansöýüjiligiň beýik mekdebi” söhbetdeşlik geçirildi.
Kitap-paýhas çeşmesi. Merdana ata-babalarymyzyň bize miras galdyran parasatly pikirlerden, kitap baradaky nakyllaryndan, dana pähimlerden görnüşi ýaly, kitap bu geçeni, geljegi öwredýän danadyr, seniň terbiýeçiňdir. Kitaby özüne dost edinen adamyň ruhy hiç wagt garyp bolmaz. Kitaby söýmek, oňa sarpa goýmak biziň milli
ýörelgämizdir. Elbetde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri bu günki gün ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly gollanmadyr. Şeýle hem türkmen halkynyň geçmiş taryhy dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde öz beýany tapýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimize kitaba bolan söýgüni döretmekde ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.