“Belent maksatlar rowaçlanýar”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Belent maksatlar rowaçlanýar”atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” taryhy ähmiýetli wakalarynyň birine öwrülip, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň işjeň we döredijilikli taglymatdygynyň täze ykrarnamasy boldy. Bu iri maslahatyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen utgaşykly guralmagy şöhratly wakalara taryhy dereje berýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.