“Kitap ynsanyň göwün hoşy-adamzadyň syrdaşy”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri kitaphana
dürliýaşdaky okyjylara kitaphana hyzmatlaryny guramaçylykly alyp barýarlar. Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlary şeýle-de dürli ýaşdaky raýatlar kitaphanada özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden, ýerlikli peýdalanýarlar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda birnäçe bölümler hereket etýär. Halkymyzyň taryhy geçmiş ýoly, beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly, çagalar üçin
niýetlenen ertekili we goşguly kitaplary, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň mukaddes kitaplary, kitaphanamyzyň ýörite tekçelerinde
ýerleşdirilen. Kitaphanamyza gelýän dürli ýaşdaky okyjylarymyz  özleri üçin gerek bolan, isleg bildirýän 
kitaplaryny okap öwrenmek üçin maglumatlary almaga ähli şertler mümkinçilikler döredilen. Kitaphanamyzdaky mukaddes kitaplar, ýurdymyzda geçirilýän her bir çäreleriň, dabaralaryň, sergileriň bezegi bolup durýar.

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak bilen, parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.



Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655