“Merkezi Aziýa: Dostluk we ynanyşmak ruhunda”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, “Arkadag”
teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Merkezi Aziýa: Dostluk we ynanyşmak ruhunda” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty uly üstünlikler bilen beslendi. Bu ajaýyp forumyň meýilnamasy işewürlik hem-de medeni çäreleri, sergileri we Merkezi Aziýa döwletleriniň milli günlerini, umuman, çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry
öz içine alýar. Olaryň hatarynda ýaşlar forumy hem uly ähmiýete eýedir. Sebäbi
biziň ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, dünýägaraýyşyny giňeltmekleri, watançy şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halklaryň arasynda dost-doganlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak babatda uly tagallalary etýän şeýle-de türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmegi ugunda atalyk aladalary edýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.