“Gadymy Nusaý”

    Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň şeýle hem Arkadag teleýaýlymyň gurnamagynda, Arkadag şäheriniň taryhy-medeni
seýilgähinde “Gadymy Nusaý” atly söhbetdeşlik geçirildi.

   Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamynda, taryhy ýadygärliklerimizi dikeltmek ugrunda alyp barýan uly işleri barada şeýle hem Nusaý galasynyň Türkmenistanyň iň möhüm taryhy ýadygärlikdigi, 2007-nji ýylda Nisa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi barada we Nusaý galasy barada birnäçe rowaýatlar hakynda gyzykly  söhbetli gürrüňler edildi.

  Çäräniň ahyrynda medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655