“Halk Maslahaty – döwletli işlere badalga”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň guramagynda “Halk Maslahaty – döwletli işlere badalga” atly
söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyz Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşler, öňegidijilikleri gazanýar. Halk Maslahaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, millilik ýaly many-mazmunlar bilen baýlaşdyrylýar. Halk maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň ata babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýäniň syýasy giňişligindäki daşary ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ugurda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek babatda taýsyz tagallalary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.