“Çalsana, bagşy!”

“Çalsana, bagşy!” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

   Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan asylly işleri häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, ýaş bagşy-sazandalary höweslendirmek maksady bilen, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän “Çalsana, bagşy!” Atly döredijilik bäsleşiginiň möhüm ähmiýetini bellemek gerek.

   Dutarçylyk sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Halk bagşylarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän bu sungaty ähli döwürlerde aýratyn hormat-sarpa mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda türkmen dutarynyň şirin owazy berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

   Döredijilik bäsleşigine 18-35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň güwäsidir. Onuň jemleýji tapgyrynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Çalnan halk sazlarynda halkymyzyň milliligi, durmuş pelsepesi, ruhy dünýäsi öz beýanyny tapdy. Dutarçy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dünýäniň dürli halklarynyň sazlary, şol sanda nusgawy sazlar çärä özboluşly öwüşgün çaýdy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Çalsana, bagşy!” Aýdymy dabaranyň iň şowhunly pursatlarynyň birine öwrüldi.

   Ýaşlaryň döredijilik başlangyçlarynyň goldanylmagy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!











Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655