“Garaşsyz Watanym – jennet mekanym

   Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda  “Garaşsyz Watanym – jennet mekanym" atly söhbetdeşlik geçirildi.

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşleri belent waspa, soňlanmajak aýdyma mynasypdyr. Watan hakynda beýan etmek waspyny sözlemek her bir ynsanda buýsanç döredýär. Bu hakynda geçmiş edebiýatlarymyzda hem köp namalar ýazyldy, goşgularda wasp edildi. Çeper edebiýatymyzyň sahypalaryny öwrenenimizde hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirýäris. Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň döredijiligini öwrenenimizde hem Watan, il–gün hakyndaky şygyrlarynda aýratyn ähmiýet berilýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

   Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly işleri bitirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655