Çagalaryň şatlygy – dünýäniň rahatlygy

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Diýarymyz bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi. Körpeleriň sagdyn, bagtyýar ösüp-ulalmagy, dürli oýunlardyr döredijiligiň görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy köpöwüşginli bezeglere, gyzykly oýunlardyr bäsleşiklere, şeýle hem, elbetde, dünýämiziň bezegi bolan çaga gülkülerine beslendi. Bu ýerdäki diwarlyklarda we çagalar üçin gurnalan oýun meýdançalarynda körpejeleriň şadyýan dynç almagy, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Çaga lybaslary, gyzykly ertekili kitaplar, robot enjamlary, dürli süýjülikler, surat çekmäge, aýdym aýtmaga niýetlenen ýerler, amaly-haşam we keramika sungatyna, çaga terbiýesine bagyşlanan ussatlyk sapaklary, bilim bäsleşikleri bularyň ählisi halkara sergi-ýarmarkanyň edil ertekiler dünýäsini ýada salýan täsin gurşawyny emele getirýär.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde bu ugurda durmuşa geçirilýän işler hem çagalaryň röwşen geljegine gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde bolup, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Şonda gaznanyň wise-prezidenti «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkada “Arkadag Medisina Klasteriniň” we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň alyp barýan işlerini beýan etjek diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen hem tanşyp, öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi hemde öz gymmatly maslahatlaryny berdi. Şol wezipelerden ugur alyp, halkara sergi-ýarmarkada türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasy, “Arkadag Medisina Klasteri” kärhanasy, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan alnyp barylýan işler bilen bu ýere gelýän myhmanlara tanyşdyrylýar.

Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan,
ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak
adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman
Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy
aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,
ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655