“Ähli zat çagalar üçin”

   Toýa beslenýän diýarymyzda 21-nji awgustda “Ähli zat çagalar üçin”halkara sergi – ýarmarkanyň açylyş dabarasy boldy. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda giňden guraldy. Uly göwrümli sergide ýerli we daşary ýurtly kompaniýalaryň, çagalar üçin harytlarydyr hyzmatlary döretmek bilen meşgullanýan guramalaryň stendleri, pawilionlary bilen tanyşdyryldy. Bu tematiki guramalaryň 8 sanysy boýunça önümler hyzmatlar hödürlendi. Şeýle hem täze doglan çagalar üçin harytlar, okuw harytlary, bilim,okuw oýunjaklary we ösdüriji gurallar, çagalar edebiýaty şeýle-de dürli temadaky neşir önümleriniň sergileri hem-de çagalar durmuşynda tans, aýdym – saz hem-de çagalaryň moda sergisine giňişleýin tomaşa edip bildiler. Şeýle hem çagalar üçin birnäçe gyzykly oýunlar, ussatlyk sapaklary,
wiktorinalar we ýaryşlar taýýarlandy. Bu halkara sergi – ýarmarkasy körpe nesillerimizde ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi.

   Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň geljegi ugrunda atalyk aladalary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýtýarys.



Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655