“Garaşsyzlyk – ähli üstünliklerimiziň özeni”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymyň gurnamagynda,“Garaşsyzlyk–ähli üstünliklerimiziň özeni ” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan uly işleri hakynda Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdygy, Garaşsyzlyk milletiň we döwletiň ykbalyna ägirt uly täsir edýän milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydygy şeýle hem geçen 34 ýylda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar beýik işleriň amala aşyrlandygy hakynda gyzykly söhbetli gürrüňler edildi.
Çäräniň ahyrynda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.