“Ussatlara sarpa”

    Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda döwürdeş halypalaryň gatnaşmagynda “Ussatlara sarpa” atly söhbetdeşlik geçirildi.

   Ýurdumyzda ussat halypalarymyza uly sarpa hormat goýulýar. Edebiýatyň
sungatyň, medeniýetiň sarpalanýan, ýazyjydyr 
şahyrlaryň sungat işgärleriniň hormat sarpasynyň belentde tutulýan ýurdy bolan Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde döredijilik işgärleriniň täze döwrebap ilhalar eserleri döretmekleri üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän halypalara, döredijilik işgärlerine hormatly atlar dakylyp, Şa serpaýlary bilen sylaglanýarlar, medeniýetimizi, sungatymyzy, çeper edebiýatymyzy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi bu ugurda yhlasly zähmet çekip ukup başarnyklaryny gaýgyrmaýan döredijilik işgärlerine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşdir özgerişliklerini gazanýan üstüliklerini täze döwrebap eserler bilen wasp etmäge ruhlandyrýar. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda medeniýetimizi sungatymyzy ösdürmäge uly
mümkinçilikleri döredip berýän
   Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655