“Türkmenistanyň Halk Maslahaty- rowaç geljegiň binýady”
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar. Garaşsyzlyk özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watanydyr! Her ýylyň tylla güýzüň ilkinji aýynda Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk güni dabaraly toý-baýram edip belläp geçilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli wakasy bolan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, bu maslahatda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler barada giňişleýin çykyşlar edildi. Ýaşulular bilen maslahat etmek ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň däp dessurlaryň biridir. Türkmençilikde “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýip aýdylşy ýaly türkmen halkynyň agzybir halkdygyndan nyşandyr.
Garaşsyzlyk Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasydyr, berkarar döwletli we bagtyýar ýaşaýşymyzdyr! Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, geçilen taryhy menzillere ser salmak, geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz döwletimiziň gazananlaryny berkitmek esasy wezipämizdir. Ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary ak ýollara ugrukdyrmak baş maksadymyzdyr diýip öz çykyşynda buýsanç bilen belledi. Şeýle-de biziň durmuşa geçirýän bu işlerimiziň ählisi döwletimiziň, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny goldamaga, amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Bu ajaýyp üstünlikler merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen gazanyldy. Biz kitaphana işgärleri hem şeýle belent sepgitleri gazanylýan üstünlikleri zähmet çekýän mukaddes ojagymyzda teleýaýlymlaryň, gazet žurnallaryň üsti bilen aýdyň beýan edýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.