“Arkadag şäheri – bagtyň şäheri”

  Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň guramagynda “Arkadag şäheri – bagtyň şäheri” atly söhbetdeşligi geçirildi. 

   Arkadag şäheri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gadymy Oguz ýurdunda ak mermerli binalar bilen döreden beýik ýaşaýyşyň  köşgi-eýwanly täji-tagtydyr. Bu şäher külli türkmeniň kalbyndaky arzuwlarynyň amala aşmasy bolup dünýä ýaýyldy. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän bu täsin şäher bagtyň we barlygyň, ylmy ösüşiň we ruhy baýlygyň mekanydyr. Arkadag şäherinde gurlan binalar we ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklary üçin döredilen mümkinçilikler olaryň işine ussat, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde, giň dünýä garaýyşly şahsyýetler bolmagyna itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny-geljegimiziň nuranalygyny nazarlaýar. 

   Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat hem abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.





Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655