“Bagtyýar nesiller”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Bagtyýar nesiller” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar ýaş nesilleriň tebigy zehinleriniň ýüze çykmagynda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar bakja-baglary, döwrebap mekdepler, çagalar çeperçilik hem sungat mekdepleri gurulyp ulanylmaga berilýär. Olaryň her biri hem ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiz hakynda edilýän bimöçber aladalardan nyşandyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar okalgasynda zehinli okyjylary ýüze çykarmakda yzygiderli gürrüňdeşlikler, söhbetdeşlikler, çeper okaýyşlar, ertirlikler ýaly çäreler alnyp barylýar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerde okamaga, öwrenmäge, döretmäge bolan höwesi has-da, artmagyna ýardam berýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly bolup ýetişmegi ugrunda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.