“Türkmenistanyň Halk Maslahaty-geňeşli iliň döwletli ýoly”
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň geçirmeginde şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň Halk maslahaty-geňeşli iliň döwletli ýoly” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hakynda, şeýle hem güneşli diýarymyzyň şöhratly Garaşsyzlygynyň 34 ýylynda ýetilen belent işler dogrusynda gyzykly söhbetler edildi.
Çäräniň ahyrynda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.