“Dünýä syry bilen bilim açylýar”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda “Dünýä syry bilen bilim açylýar” atly gezelenç geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer, milli däp-dessurlarymyza ygrarly, ýokary derejeli ylym-bilimli hünärmenler edip terbiýeläp ýetişdirmek esasy ýörelgelerimiziň biridir.
Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär.
Gezelenjiň ahyrynda ýaşlaryň okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döwrebap bilim almaklary üçin uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.