«Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym»
«Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Kitaphana hünärmenleriniň arasynda 2025-nji ýylda yglan edilen «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym» atly hünär bäsleşigi geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy hem-de aýratyn ähmiýet bermegi bilen, ýurdumyzda kitaphana ulgamyny ösdürmek ugurynda döwlet syýasatynda ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrüldi. Ine bu günki gün hem Ýurdumyzda zähmet çekýän kitaphanaçylaryň arasynda her ýyl kitaphananyň dürli ugurlary boýunça bir näçe tapgyrlardan ybarat bolan kitaphana bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde üstünlikli çykyş eden kitaphanaçylara baş baýrak hem-de 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar berildi we hormat hatlary hemde birnäçe gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Beýleki hünärmenlere höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýhas öýi bolan kitaphanalaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmagy hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi halkymyzyň aň-bilim, medeni derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Çünki paýhasly pederlerimiziň aýdyşy ýaly, kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr. Goý, halk bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!