“Kitap-ruhy hazyna”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde “Kitap-ruhy hazyna” atly gezelenç geçirildi.
Halkymyzyň owal-ahyrda iň ezizlän ruhy gymmatlyklarynyň biri kitap bolupdyr. Geçmişiň beýanyny, taryhyny, şu günüň habaryny, geljegiň bolsa umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Kitap döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly orny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir.
Gezelenjiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.