“Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäheriniň 7-nji çagalar bakja bagynyň bilelikde guramagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly çäre geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, şeýle hem dünýä tejribesine laýyklykda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmakda, ýurdumyzy gülletmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak giň gerimli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýär. Şeýle çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda çagalaryň gatnaşmagynda hem geçirildi. Bu çäre geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ýol hereketiniň kadalaryny dogry we doly berjaý etmeklerini gazanmak üçin aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Çäräniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýarlykda ýaşadýan, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw aýtdylar.