Döwlet kitaphananyň döredilmeginiň 130 ýyllygy
2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet
Merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň döredilmeginiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp
baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda halypa kitaphanaçylar
bilen medeniýet sungat işgärleri Döwlet kitaphananyň geçen ýoly, taryhy barada
seýle-de ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan kitaphanalar barada
gyzykly gürrüňler etdiler. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza kitaphana işini
kämilleşdirmek döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin öz alkyşlaryny aýtdylar.