“Türkmen halk ertekiler”



    Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde ýaş nesillerde çeper edebiýatlara bolan höwesini artdyrmak maksady bilen “Türkmen halk ertekiler” atly türkmen halk ertekilerniň gahrymanlarynyň suratyny çekmek boýunça bäsleşik geçirildi

    Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde bagtyýar ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu maksatlar bilen, körpeje çagalarymyz okuw sapaklaryndan daşary özleriniň ukyp başarnyklary bolan surat çekmek bilen gyzyklanýan okyjylarymyz Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelip türkmen halk ertekiler bolan kitaplary okap hem-de şolaryň gahrymanlaryny surata geçirýärler. Şol maksat bilen hem kitaphana yzygiderli gatnaýan göreldeli okyjylarymyzyň arasynda özleriniň okan dürli ertekili kitaplarynyň gahrymanlaryny çekmek maksady bilen bäsleşik geçirildi. 

    Bäsleşigiň dowamynda baýrakly orunlara mynasyp bolanlar ýaş okyjylarymyza kitaphananyň adyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 

      Bäsleşigiň ahyrynda bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň okamagy, öwrenmegi hem-de özleriniň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde hem birnäçe mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja­nlary sag, öm­ürleri uzak bolsun, il-ýurt bäh­bit­li tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Paýlaş

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň Keýmir kör şaýolynyň 5-nji jaýy





Telefon belgiler:
+993(12) 571655