“Bagtyýar çagalar”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Bagtyýar çagalar” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiz baradaky edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde çagalar üçin dürli maksatnamalaýyn çäreleriň guralmagy olaryň gözýetimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Çagalaryň öz ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmegi üçin birnäçe gurnaklar geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri hem çagalaryň okuwdan daşary şadyýan we wagtlaryny gyzykly geçirmeklerini guramak maksady bilen kitaphanamyzyň çuň manyly eserlerini okap gürrüň berýärler. Şeýle hem bu ýerdäki çagalar bilen sorag-jogap işini alyp barýarlar. Şeýle hem dürli reňkli kagyzlardan birnäçe zatlary ýasaýarlar.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň okamagy, öwrenmegi ugrunda uly aladalary edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.