“Kitap-älem syrynyň açary”
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda kitaphana gelýän okyjylaryň gatnaşmagynda “Kitap-älem syrynyň açary” atly gezelenç geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyplary älem syrlarynyň açarlaryny özünde jemleýän, ylym-bilimiň, döredijiligiň hazyna gory bolan kitaphanamyza yzygiderli gatnap, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş berýän ajaýyp kitaplaryny hem-de ylym-bilimiň dürli pudaklaryna degişli bolan kitaplary uly höwes bilen okaýarlar. Kitap okamak talyplaryň bilimini artdyrmaga ýardam edýär. Çünki älem syrlarynyň açary mukaddes kitaplarda jemlenendir.
Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda hem giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.